BIZE YAZYARLAR

Ösümlikler dünýäsiniň syrlary

— Dünýädäki iň gymmat gül «altyn Kinabalu» diýlip atlandyrylýar. Malaýziýanyň Kinabalu dagynda ösýän bu gül 15 ýaşynda gülleýär.

— Mele reňkli merjimekde E witamini köp mukdarda saklanýar.

— Dünýädäki gül görnüşleriniň 80 göterimi Aziýadan gelip çykandyr.

— Häzirki wagtda iýmit hökmünde iýýän ösümliklerimiziň hemmesi diýen ýaly 4 — 5 müň ýyl mundan ozal medenileşdirilipdir.

— Käşir aslynda mämişi däl, benewşe reňkdedir. Muňa garamazdan, gollandiýaly daýhan mämişi reňkdäki käşiri ösdürip ýetişdirmegi dowam edende häzirki reňkine eýe bolupdyr.

— Kömelekleriň 90 göterimi suwdan ybaratdyr.

— Dünýäde iň meşhur miwe pomidordyr.

— Almany suwa taşlanyňda, ol suwuň üstünde ýüzýär, sebäbi onuň 25 göterimi howadan ybaratdyr.

Gunça Açylowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: