• Thu. Sep 24th, 2020

Ösümlikden et alyndy

Jul 18, 2020

3D ölçegli gurluşlaryň durmuşymyza giňden ornaşmagy dowam edýär. Ysraýylly alymlar bu usuly ulanyp, ösümlikden et alyp bildiler.
Hawa, ýalňyş okamadyňyz. Indi adamlary et bilen üpjün etmek üçin haýwanlara azar bermegiň geregi ýok. «Redefine Meat» kompaniýasynyň wekilleri ösümlikden hem et alyp bolýandygyny subut etdiler.
Täze önümde ete mahsus ähli aýratynlyklar we ýokumlar bar. «Barclays-yň» çaklamalaryna görä, 2029-njy ýylda şeýle «etleriň» bazary şeýle bir giňär welin, bu bazardaky bir ýyllyk söwda 140 milliard dollara ýeter. Bu bolsa Ýer ýüzündäki häzirki et söwdasynyň 10 essesidir.
«Redefine» diýlip atlandyrylýan et öndüriji gural (3D çap ediji) bir sagatda 13 kilogram eti çap edýär, ýagny öndürýär. Ýene bir gezek ýatladýarys, bu etiň çig maly durşuna ösümliklerdir. Üstesine, onuň bahasy hem hakyky etiňkiden ep-esli arzan bolar.

Поделиться ссылкой: