JEMGYÝET

Osty obasyndaky kitaphanada kitap sergisi açyldy

 Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Osty geňeşligindäki kitaphana şahamçasynda «Dünýä meşhur mekan» atly kitap sergisi açyldy.

Onda Türkmenistan, onuň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlary, Bitaraplyk statusy barada gürrüň berýän kitaplar goýuldy. Olarda ýurduň taryhy baradaky maglumatlary tapmak mümkin, kitaplar suratlar bilen bezelen. Kitaphananyň işjeň okyjylary sergini ilkinji bolup gördüler. Şonuň ýaly-da, Osty geňeşligini çägindäki obalaryň ýaşaýjylary onda goýlan kitaplar bilen tanyşýarlar. Taryh mugallymlary, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleri sergä aýratyn gyzyklanma bildirýärler.