JEMGYÝET

Osty kitaphanasynda medeniýet gününe bagyşlanan sergi açyldy

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky Farap şäher kitaphanasynyň Osty obasyndaky şahamçasynda «Sungat — dostlugyň ýoly» atly kitap sergisi açyldy.

Bu sergide Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň döredijiligini açyp görkezýän kitaplar, žurnallarda we gazetlerde çap edilen makalalar goýuldy. Şeýle hem, sungatyň halklary ýakynlaşdyrmaky, olaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakdaky ornuny suratlandyrýan eserler hem sergide öz ornuny tapdy.

Ony synlamaga gelenler türkmenistanly sungat işgärleriniň beýleki ýurtlara eden döredijilik saparlary, olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň biziň ýurdumyzda eden çykyşlary bilen hem tanşyp bilerler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: