Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Farap etrap komitetiniň guramagynda etrabyň çäginde ýerleşýän gadymy Osty galasyna taryhy-medeni gezelenç guraldy. Oňa etrabyň bilim işgärleri we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Gezelenjiň dowamynda taryh mugallymlary tarapyndan Osty galasynyň taryhy ähmiýeti, onuň döreýiş aýratynlyklary hem-de häzirki wagtda goralyp saklanylyşy barada maglumatlar berildi.
Çärä gatnaşyjylar gadymy ýadygärlik bilen ýakyndan tanşyp, milli mirasy öwrenmegiň ähmiýeti barada giňişleýin maglumat aldylar. Şeýle gezelençleriň ýaş nesilleriň arasynda taryhy gymmatlyklara bolan gyzyklanmany artdyrmakda, olary gorap saklamak düşünjesini berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.
Osty galasyna gezelenç guraldy
07
Apr

