Amerikanyň kinomatografiýa akademiýasy täze: 2026-njy ýyldan başlap, mynasyp aktýorlary saýlanlygy üçin, kasting-direktorlaryna “Iň oňat kasting” baýragyny berer.
Bu baýrak ýeňijilere ilkinji gezek 2026-njy ýylda 98-nji “Oskar” dabarasynda gowşurylar.
Baýragyň toparlaryň sanawy soňky gezek 2001-nji ýylda “iň oňat animasion film” girizilende täzelenipdi.
Maglumat üçin, indiki “Oskar” baýragyny gowşurylyş dabarasy 2024-nji ýylyň 10-njy martdan 11-nji marta geçýän gijede geçiriler. Häzirki wagtda sesleriň sanawy boýunça “Oppengeýmer” filmi öňde barýar.
