• Sun. Sep 27th, 2020

Orta mekdeplerde italýan dili öwrediler

Aug 23, 2020

Täze okuw ýylyndan başlap, Türkmenistanyň çägindäki orta mekdepleriň käbirine italýan dili dersi giriziler. Bu barada Türkmenistanyň bilim işgärleriniň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçirilen maslahatynda habar berildi.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde italýan dilini öwredip başlamak baradaky başlangyç milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Ol Italiýa Respublikasyna 2019-njy ýylda amala aşyran resmi saparynda şeýle başlangyjy öňe sürüpdi. Täze okuw ýylyndan başlap, bu dil orta mekdeplere aýratyn ders hökmünde giriziler.
Täze dersi okatmaga Türkmenistanyň Bilim ministrliginde we Türkmen döwlet neşirýat gullugynda hem taýýarlyk görüldi. Ýörite hünärmenleriň işläp taýýarlan okuw gollanmasy gulluk tarapyndan neşir edilip, bu diliň öwrediljek mekdeplerine ugradyldy.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: