Lebap welaýatynyň orta mekdeplerinde döwlet synaglary tamamlandy.

Uçurymlar orta mekdebiň çäklerinde iň soňky synaglaryny tabşyrdylar. Olar üç ugur: takyk bilimleri ugrundan çuňlaşdyrylan bilim alanlar fizikadan, tebigy bilimler boýunça okanlar biologiýadan, ynsanperwer ugruny saýlap alan okuwçylar bolsa Türkmenistanyň taryhyndan synag tabşyrdylar.

Mundan ozal uçurymlar ene dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş we algebra boýunda synaglary tabşyrdylar. Bu üç ders orta mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň ählisi üçin hökmanydyr.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde onunjy synpdan başlap, her okuwçy özüniň islegine görä mekdebi tamamlandan soň bilim almagyny dowam etdirjek ugruna laýyklykda çuňňur bilim alyp başlaýar. Her ugur boýunça öwrenilen dersleriň biri boýunça bolsa gutardyş synaglaryny tabşyrylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: