Orta mekdeplerde döwlet synaglary başlady
Şu gün Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylary döwlet synaglaryny tabşyrmaga girişdiler. Ilkinji synag şu gün ― 1-nji iýunda türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça geçirilýär.
Welaýatyň etrapdyr şäherlerinde hereket edýän orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 396-synda bu jogapkärli döwre taýýarlykly gelindi. Synaglaryň geçiriljek synp we ders otaglary zerur serişdeler bilen doly üpjün edildi.
Şu ýyl welaýat boýunça ýaşlaryň 20662-si orta mekdebi tamamlaýar. Uçurymlar orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna girizilen ene dili we edebiýat, jemgyýeti öwreniş, algebra we analiziň başlangyçlary derslerinden synaglary tabşyrarlar. Şeýle-de orta mekdepleri tamamlaýan ýaşlar ynsanperwerlik-durmuş bilimleri, takyk we tebigy ugurly okuw derslerinden hem bir synag tabşyrmaly bolarlar. Jemleýji döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran uçurymlar orta bilim hakynda şahadatnamalaryň eýeleri bolup, özbaşdak durmuşa ýollanma alarlar.
Edil häzirki günlerde bolsa welaýatymyzdaky orta mekdeplerde synpdan synpa geçiriş synaglary dowam edýär. Bilimli-sowatly, giň gözýetimli ýaşlar şol synaglarda ähli dersler boýunça ýokary bahalara mynasyp bolýarlar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan ýaşlar hem tomsuň ilkinji gününde jemleýji döwlet synaglaryny tabşyrmaklyga girişerler. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda-da bu möhüm işi ýokary derejede guramak maksady bilen irgözinden taýýarlyk görüldi. Ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralary üçin hünärmenleri taýýarlaýan institutda hünärleriň 16-sy boýunça talyplaryň 5000-den gowragy okadylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň 854-si bu baýry bilim ojagyndan uçurym bolýar. Geljekki bilim işgärleri okan döwründe bilimleri çuňňur özleşdirdiler, saýlap alan hünärinde kämilleşdiler, tejribesini baýlaşdyrdylar. Indi olaryň öňünde jemleýji döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyrmak wezipesi dur. Şondan soňra ýaş hünärmenlere söýgüli kesp-kärinde zähmet çekmäge hukuk berýän resminamalar gowşurylar. Goý, olara arzyly kesp-kärinde üstünlikler ýaran bolsun!