Welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi welaýat neşirinde raýatlara ýaz paslynyň soňky aýlarynda howanyň gyzyp başlamagy bilen öri meýdanlarda ýangynyň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň artýandygyny ýatlatdy. Bölüm tarapyndan berlen duýduryşda öri meýdanlara gatnaýan awtoulaglaryň tüsse çykaryjylarynyň ygtybarly uçgun söndüriş enjamlary, şeýle hem ilkinji ýangyn söndüriji serişdeler bilen üpjün edilmelidigi bellenilýär. Şeýle-de ekin meýdanlarynyň töwereginde ini 10 metrden az bolmadyk araçäklerde sürüm işlerini geçirmek, demir we awtoýollaryň ýakalarynda bolsa 4 metr inlilikde ýangyna garşy araçäkleri döretmek zerurdyr.
Habarda tebigata çykylanda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmegiň her bir raýatyň borjudygy nygtalýar. Döwletimiziň gözel we baý tebigatyny, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini aýawly saklamak, ony geljekki nesillere abat ýagdaýda miras galdyrmak umumy jogapkärçilik bolup durýar.
Öri meýdanlary goramak — tebigaty goramak
27
May

