YKDYSADYÝET

Öri meýdanlardaky guýular abatlanylýar

«Lebapörisuw» abatlaýyş-ulanyş edarasynyň ussalary tarapyndan ýylyň başyndan bäri guýularyň üçüsiniň durky täzelendi. Abatlaýyş işleri Saýat etrabyndaky «Serdar» maldarçylyk hojalygynyň degişli guýularda ýerine ýetirildi.

Häzirki günlerde abatlaýjylar Döwletli etrabynyň çäginde guýularyň ikisiniň durkuny täzelemek işlerini alyp barýarlar. Şeýle işler ýylyň ahyryna çenli guýularyň jemi 22-sinde ýerine ýetiriler. Täze guýularyň ýene birini bolsa Döwletli etrabyndaky «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygynda gazmak meýilleşdirilýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: