Ýakynlaşyp gelýän Oraza aýy mynasybetli Türkmenistanyň Müftisiniň müdriiýeti tarapyndan
Lebap welaýatynda agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň senenamasy paýlaşyldy.
Senanama laýyklykda, Oraza aýynyň ilkinji güni 1-nji marta gabat gelýär. Şol gün Lebap welaýatynda ir sagat 05:29-da agyz bekleniler we agyz agşam sagat 18:44-de açylar.
Oraza aýy 30-njy martda belleniljek Oraza baýramy bilen tamamlanar. Agyz beklenilýän iň soňky gün bolan 29-njy martda agyz beklenilýän wagt ir sagat 04:46-dan agşamlyk 19:12-ä çenli dowam eder. Baýram namazy 30-njy ýanwar güni ir sagat 07:20-de okalar. Şu ýyl Gadyr gijesi mart aýynyň 26-syndan 27-sine geçilýän gijä düşer.
Oraza aýynda Lebap welaýatynda agyz beklemegiň senenamasy paýlaşyldy
24
Feb
