LUKMANÇYLYK

Öňüni alyş serişdleri öndürildi

2021-nji ýylda Mary welaýat döwlet weterinariýa gullugynyň sargydy boýunça 500000 doza «Rew-1» waksinasy hem-de 132000 doza reňkli antigeni öndürildi we brusellýoz keseline garşy geçirilýän ýörite çärelerde tassyklanan meýilnama laýyklykda sanjymlar we barlaglar geçirildi. Bu barada «Maru-şahu jahan» gazeti habar berýär.
Bu serişdeler her ýylda Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň «Epizootologiýa» barlaghanasynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň welaýat wekillikleriniň talapnamalary boýunça giňişleýin öndürilýär.
Bioserişdeleriň önümçilikde ulanylmagy mallaryň brusellýoz keselini takyk anyklap, keseliň ýaýramagynyň öňüni alyp, mallary barlagda saklamakda, keseliň epizootologiýasyny öwrenmekde we maldarçylyk hojalyklaryndaky mallary brusellýoz keselinden goramakda, ilaty howpsuz maldarçylyk önümleri bilen üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: