Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda öňüni alyş çärelerine we jemgyýetçilik saglygyna möhüm orun berilýär. Döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan giň gölemli işler keselleriň döremek ähtimallygyny peseltmäge gönükdirilendir. Onkologiýa keselleri barada aýdylanda bolsa, wagtynda geçirilen barlaglar we sagdyn iýmitlenmek kadalarynyň berjaý edilmegi saglygy goramagyň iň täsirli ýoludyr.
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmanlary tarapyndan ilat arasynda yzygiderli düşündiriş işleri alnyp barylýar. Ýöriteleşdirilen skrining barlaglary arkaly keseli irki basgançaklarda ýüze çykarmak boýunça uly tejribe toplanyldy. Hassahanamyzda döredilen şertler we anyklaýyş usullary iň kiçi üýtgeşmeleri hem takyk kesgitlemäge ukyplydyr.
Öňüni alyş we anyklaýyş işleriniň kämilleşdirilmegi halkymyzyň ömür dowamlylygynyň uzalmagyna we saglyk derejesiniň ýokarlanmagyna uly goşant goşýar. Biz geljekde-de öz hünär ussatlygymyzy ulanyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösmegine we her bir raýatyň sagdyn bolmagyna goşant goşarys.
Maýa ALLABERIDÝEWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.
