Öňüni alanyň ýagşy
Ekologiýa we durmuş endikleri wagtyň geçmegi bilen hemme adamlaryň saglygyna uly täsir ýetirip biler. Zyýanly endiklere ýykgynly erkeklerde bolsa bu ýagdaý has köp duş gelýär. Olar esasan-da köplenç zyýanly zähmet şertlerinde işleýärler we howpsuzlyk serişdelerini hemişe ulanmaýarlar. Bu ýagdaýlar öýkeniň, ýüregiň, galkan şekilli mäziň, bagryň keselleriniň döremegine itergi berip biler.
«Keseli bejereniňden onuň öňüni alanyň ýagşy» diýlişi ýaly, hassa bolmazdan öň özüm saglygymyzyň aladasyny etmeli. Wagtly-wagtynda lukmançylyk barlaglaryna ýüz tutmaly. Maşgala lukmany degişlilikde kardiolog, endokrinolog, urolog, gastroenterolog lukmanlarynyň maslahatyna iberip biler. Olaryň gözegçiliginde bolmagy durmuşymyzda kadalaşdyrmaly.
Lukmanlar esasan-da erkekler üçin 35 ýaşdan başlap, her ýyl jyns mäziniň rak keselini ir tapgyrda anyklamak üçin barlagdan geçmegiň zerurlygyny belleýärler. Ilkinji lukman barlagyndan geçmeli ýerlerden biri hem —urologdyr. Sebäbi, prostatitleriň bejergisi birnäçe ugurlar boýunça, urolog-androlog lukmanyň gözegçiliginde alnyp barylýar.
Lukman barlaglaryndan gaçyp, ýa-da geleňsizlige ýol berip gezmek ynsan saglygyny howply ýagdaýlara sezawar edip biler. Sebäbi bu geleňsizligiň jyns mäziniň (prostata) we ýumurtgajyklaryň ragy ýaly, çynlakaý gaýraüzülmelere getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr. Ýumurtgajyklaryň ragy seýrek duş gelýän kesel bolup, esasan genetiki töwekgelçiligi bolan ýa-da ýumurtgajyklary ýerine düşmedik (kriptorhizm) erkek adamlarda duş gelýändir.
Erkeklik jyns mäziniň sowuklamagy (prostatit) 20-50 ýaş aralygyndaky erkek adamlarda iň köp duş gelýän urologiki keseldir. Barlaglaryň görkezişi ýaly, 30 ýaşdan soň prostatitden erkekleriň 30%-i, 40 ýaşdan soň 40%-i we 50 ýaşdan soň 50%-i ejir çekýändir. Bu keseliň ýüze çykmagyna esas bolýan faktorlara aşakdakylar degişlidir:
- Bedene pes temperaturanyň umumy täsir etmegi;
- Ýygy-ýygydan içiň gatamagy;
- Oturyp işleme ýagdaýlary, meselem, sürüjiler, ofis gullukçylary we başgalar;
- Jyns gatnaşyklarynyň seýrek bolmagy; Ýöne jyns taýdan işjeňlik hem prostatitleriň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler;
- Az hereketlilik ýagdaýy;
- Bedende dowamly sowuklama keselleri (meselem, dowamly bronhit) we dowamly ýokançlyklaryň ojagy (meselem, tonzillit, çüýrän dişler) bolanda;
- Jynsy gatnaşygy arkaly ýüze çykýan ýokançlyklar ýa-da urologiki keselleriň bolmagy (meselem, hlamidioz, sözenek, uretritler);
- Bedeniň kesellere durnuklylyk ukybyny peseldýän islendik başga ýagdaýlarda (çendenaşa türgenleşmek, dowamly nerw dartgynlylyk, kadasyz iýmitlenme, uzaga çekýän ýadawlylyk).
Ýokarda agzalyp geçilen faktorlar, çanaklyk agzalarynda gan aýlanşygyň kynlaşmagyna getirýär. Netije-de, durgunlylyk ýagdaýy ýüze çykýandyr. Bu ýagdaýlar bolsa, ýokançlyklaryň täsirini güýjedip, mäziň sowuklama alamatlaryny emele getirýändir.
Prostatitleriň alamatlary ýüze çykanda, haýal etmän urolog lukmanyna ýüz tutmaly. Iň esasy nygtamaly zat hem: 45 ýaşdan soň, öz utanjaňlygyňyzy ýa-da biperwaýlygyňyzy ýeňip geçip, urolog-androlog lukmanynda kadaly barlagdan geçmeli.
Perman Şamyradow,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň radiolog lukmany.