YLYM WE TEHNIKA

Önümçilikde aýna ýaly dury agaç peýda bolar

Nemes botanigi Zigfrid Fink otuz ýyl gowrak mundan ozal ilkinji gezek häzirkizaman önümleriniň hilini täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýän aýna ýaly dury agajy döredipdi. Häzirki wagtda köpsanly synaglaryň netijesinde bu önümi iş ýüzünde peýdalanmagyň täze mümkinçilikleri peýda bolýar. 

Şwesiýadan, ABŞ-dan we Hytaýdan bolan barlagçylar topary bu täsin önümi kämilleşdirmegiň üstünde işleýärler. Üýtgeşik gurluş düzümine eýe bolan dury agaçdan ýasalan önümleri dürli pudaklarda peýdalanmak mümkindir. Ol pleksiglas ýaly plastikden üç esse dury, aýnadan bolsa on esse pugtadyr. 

Alymlar häzirki döwürde bu önümleriň önümçiliginiň ekologiýa taýdan howpsuz usullaryny döretmegiň üstünde işleýärler