Önümçilik görkezijileri ýokarlanýar
«Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda şu ýylyň geçen bäş aýynda 78 million 942 müňe golaý manatlyk önüm öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,2 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini görkezýär.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Gökdepe etrabynyň çägindäki bu kärhanada buýurmalaryň hem üstünlikli ýerine ýetirilendigi bellärliklidir. Ýagny ýerli çig mal ýokary talaplara laýyklykda gaýtadan işlenilip, ondan düz aýnanyň we gaplyk çüýşäniň dürli görnüşleri öndürildi hem-de şol önümleriň sarp edijilere bökdençsiz daşalmagy gazanyldy.