YKDYSADYÝET

Önümçiliginiň bir bölegini Dostlukda alyp barýan kärhana nemes tejribesini özleşdirýär

Önümçilik işiniň bir bölegini Lebap welaýatynyň Dostluk şäherinde alyp barýan «Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti Germaniýanyň «Grenzebach Maschinenbau GmbH» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Kompaniýanyň resmi maglumatlaryna görä, «Ak Bulut» 2024-nji ýylyň başynda Dostluk şäherinde täze zawodyny işe girizdi. 5 gektar meýdany tutýan bu kärhanada administratiw binalar, önümçilik desgalary we ammar ýerleşýär. Zawodyň ýyllyk kuwwaty 50 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 4 million inedördül metr gipsokarton öndürmäge niýetlenendir.
«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti gipsokarton, BOARDLINE panelleri, gury gurluşyk garyndylary, metal profiller we asma potoloklar ýaly gurluşyk önümlerini öndürýär. TurkmenPortal-yň maglumatyna görä, kärhananyň gipsokarton, BOARDLINE panelleri we gury gurluşyk garyndylary üçin zawody we ammary Lebap welaýatynyň Dostluk şäheriniň eteginde ýerleşýär. Önümçilikde Dostluk şäheriniň golaýyndaky känlerden alynýan ýokary hilli tebigy gips daşy esasy çig mal hökmünde ulanylýar.
Germaniýanyň senagat awtomatizasiýasy we önümçilik tehnologiýalary boýunça ýöriteleşen «Grenzebach» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk «Ak Bulut» hojalyk jemgyýetine önümçilik proseslerini döwrebaplaşdyrmaga, awtomatizasiýa ulgamlaryny ornaşdyrmaga we Ýewropa hil standartlaryny giňden özleşdirmäge mümkinçilik berer. «Ak Bulut»-yň resmi saýtynda 2023-nji ýylda kärhananyň esaslandyryjysynyň «Grenzebach Maschinenbau GmbH»-niň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, daşary ýurt tejribesini peýdalanmak we önümçilige ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşyk gazanylandygy habar berilýär.