Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde şu ýylyň ýanwar aýynda 800 tonnadan gowrak önüm öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104% ösüş gazanylandygyny aňladýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, kärhananyň önümleriniň aglaba bölegi daşary ýurtlara eksporta iberilýär. Ony Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň kompaniýalary satyn alýarlar. Bir aýyň dowamynda eksportdan alnan girdeji 8 million manatdan geçdi.

Türkmenistanda ýetişdirilen pagta hasylyny dolulygyna senagat taýdan gaýtadan işlemäge ugur alyndy. Häzir diňe Lebap welaýatynda pagta arassalaýjy kärhanalaryň 11-si hereket edýär. Olarda çigidinden arassalanandan soň çykýan pamygyň bir bölegi bar bolan 4 sany pamyk egriji fabriklerde işlenilýär. Olarda ýokary tehnologiýaly enjamlaryň oturdylandygy bolsa, önümiň hiliniň ýokary bolmagyny şertlendirýär. Netijede fabrikleriň çykarýan dürli belgili ýüplükleri içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: