BILIM

Onlaýn ders bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan ýurdumyzyň mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda esasy hünär dersleri boýunça geçirilen onlaýn ders bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi. Bäsleşik talyp ýaşlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmäge, olaryň pedagogik ussatlygyny ýokarlandyrmaga we döredijilikli pikirlenmek başarnygyny ösdürmäge gönükdirildi.
Bäsleşigiň netijesine görä, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär mekdebiniň «Başlangyç synplarda okatmak» hünäriniň II ýyl talyby Işanguly Işangulyýew 72 bal toplap, birinji orna mynasyp boldy. Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň III ýyl talyby Aýnura Dilmuradowa 63 bal bilen ikinji orny eýeledi. Şeýle hem Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň III ýyl talyby Ogulgerek Kakajanowa 60,5 bal toplap, ikinji orna mynasyp bolanlaryň hatarynda görkezildi.
Üçünji orunlara Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyplary mynasyp boldular. Hususan-da, Bossan Bekiýewa 59,5 bal, Sülgün Baýramowa 57,5 bal, Gülälek Şamyradowa bolsa 52,5 bal toplap, bäsleşikde üstünlikli çykyş etdiler. Olaryň ählisi «Başlangyç synplarda okatmak» hünäri boýunça bilim alýarlar.
Geçirilen onlaýn ders bäsleşigi geljekki mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda, olaryň nazary bilimlerini amaly başarnyklar bilen utgaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle çäreler ýaşlaryň saýlap alan hünärine bolan söýgüsini artdyrmaga, bilim ulgamyna ukyply, döredijilikli we taýýarlykly hünärmenleri kemala getirmäge ýardam edýär.