Häzirki wagtda Türkmenistanda onkologiýa keselleriniň bejergisinde innowasion tehnologiýalary ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Täze gurulýan we dörebaplaşdyrylýan saglyk merkezleri, şol sanda welaýat onkologiýa hassahanalary iň soňky nesliň şöhle we himiýa terapiýasynyň enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Bu bolsa çylşyrymly keselleri bejermekde ýokary netijeleri gazanmaga ýardam edýär.
Onkologiýa kesellerini bejermekde sanly lukmançylygyň mümkinçiliklerinden hem giňden peýdalanylýar. Teletibbiet arkaly paýtagtymyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy klinikalary bilen onlaýn maslahatlaşmalary geçirmek, bejeriş meýilnamalaryny bilelikde düzmek tejribesi ýola goýuldy. Täze gazanylan üstünlikler her bir hassanyň şahsy aýratynlyklaryna görä netijeli bejeriş usullaryny saýlamaga şert döredýär.
Lukmançylyk ylmynyň soňky gazanyparynyň ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzda onkologiýa boýunça durnukly öňegidişlikler gazanylýar. Lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaklary we döwrebap derman serişdeleriniň elýeterliligi bu ugurdaky işleriň hilini täze derejä göterýär. Biz munuň üçin döwletimize çäksiz minnetdarlyk bildirýäris.
Bibiniýaz BAZAROWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.
