LUKMANÇYLYK

Onkolog lukman Hudaýberen Rejepow — il saglygynyň goragynda

Kerki etrap hassahanasynyň maslahat beriş we anyklaýyş bölüminde köp ýyllardan bäri zähmet çekýän onkolog lukman Hudaýberen Rejepow ilatyň saglygyny goramak ugrunda yzygiderli iş alyp barýar. Ol 1980-nji ýylda Kerki etrabynyň 27-nji orta mekdebini tamamlap, şol ýyl paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen döwlet lukmançylyk institutyna okuwa girýär. 1986-njy ýylda ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, şondan bäri saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekip gelýär. Soňky on ýyldan gowrak wagt bäri hassahananyň maslahat beriş we anyklaýyş bölüminde işleýär.
Tejribeli lukman howply täze döremeleriň öňüni almak, olary irki tapgyrda anyklamak we häzirki zaman usullary bilen bejermek boýunça işleri alyp barýar. Elektron resminamalar dolanyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagy onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Hudaýberen Rejepow welaýat we paýtagt derejesindäki hünärmenler bilen hyzmatdaşlykda bolup, täze anyklaýyş usullaryny özleşdirýär hem-de etrapdaky edara-kärhanalarda wagyz-nesihat çärelerini geçirýär.