JEMGYÝET

Öňdebaryjy ýüpekçiler sylaglanyldy

Şu gün Lebap welaýatynyň Baş baýdak meýdançasynyň öňünde geçirilen dabarada welaýatyň öňdebaryjy ýüpekçileri sylaglanyldy. Ýeňiji bolan etraplara, daýhan birleşiklerine we aýry-aýry ýüpekçilere welaýat häkimligi tarapyndan sowgatlar, Hormat hatlary berildi.

Degişli bäsleşik möwsümiň başynda yglan edilipdi. Oňa görä, şertnamalaýyn borçnamasyny ilkinji dolan etraplary, daýhan birleşikleri we ýüpekçileri hem-de has köp pile tabşyranlary sylaglamak bellenildi.

Şu ýyl Lebap welaýatynyň ýüpekçileriniň Watan harmanyna 1010 tonnadan gowrak pile tabşyrandygyny we arzyly sepgide ýurtda ilkinji bolup ýetilendigini ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: