JEMGYÝET

Öňde duran saýlawlary guramaçylykly geçirmegiň meselelerine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi  

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň guramagynda okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça welaýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparlarynyň agzalary gatnaşdylar.

Onda şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmegiň meselelerine seredildi. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizlen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen tanyşdyryldy. Şonuň ýaly-da, hereket edýän saýlaw toparlarynyň ulgamy, welaýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary bilen tanyşdyryldy. Saýlaw okruglaryny we uçastoklaryny döretmegiň, olaryň araçäklerini kesgitlemegiň, dalaşgärleri hödürlemegiň we hasaba almagyň we beýleki guramaçylyk meseleleriniň üstünde hem durlup geçildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: