Halaçdaky çeper halyçylyk kärhanasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa bu ýerde zähmet çekýän halyçylar, zähmet weteranlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Baýramçylyk mynasybetli kärhanada haly önümleriniň sergisi guraldy. Etrap medeniýet bölüminiň sungat işgärleri baýramçylyk mynasybetli belentden ýaňlanýan sazlara goşup, aýdymlary we tanslary ýerine ýetirdiler.

Dabaranyň dowamynda halyçylaryň 100-sine «Türkmenhaly» Döwlet birleşmesiniň Hormat hatlary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Halaçdaky çeper halyçylyk kärhanasy haly we haly önümlerini öndürýän iri kärhanalaryň biridir. Ussat halyçylaryň ellerinden döreýän önümler ýurduň içinde-de, daşynda-da uly meşhurlyga eýe. Kärhanada dokalan uly göwrümli halylar dürli maksatly jaýlaryň içini bezeýärler. Mundan 5 ýyl ozal bu ýerde täze önümçilik sehi işe girizildi we ol gerekli ähli enjamlar bilen üpjün edildi. Netijede täze iş orunlary peýda boldy, önüm öndürilişiniň mukdary öňküsinden artdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: