Ömürleri gahrymanlyk mekdebi – kalpda baky ýaşar Watan mertleri
Lebap welaýat kitaphanasynyň “Syýasy jemgyýetçilik edebiýatlary wagyz edýän” bölüminiň gurnamagynda Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň 1008 batalýonyň esgerleriniň gatnaşmaklarynda “Ömürleri gahrymanlyk mekdebi – kalpda baky ýaşar Watan mertleri” atly mowzuk agşamy geçirildi. Bu çärede türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan “Döwlet guşy” romanyndan, “Mertler Watany beýgeldýär” eserinden parçalar okalyp, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan adamlaryň kynçylyklara
mertlerçe döz gelişleriniň, türkmen ýigitleriniň merdanalygyň, gaýduwsyzlygyň, ýaşaýşa synmaz söýginiň, ruhybelent bolandyklary, her hili kynçylykly ýagdaýlar ýüze çykanda birek-birege goldaw-tekge berilendigi barada gyzykly gürrüňler edildi. Kitaphana hünärmenleriniň “Watany goramagyň beýik mekdebi” atly guran giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda örän täsirini galdyrdy. Gyzykly geçen mowzuk agşamynyň dowamynda parahat ýurdumyzda döwrebap ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş
sözleri aýdyldy.