DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Omnibus — konkadan we tramwaýdan öňki jemgyýetçilik ulagy

Biz şu günki durmuşymyzy awtobus, taksi, otly ýaly jemgyýetçilik ulaglarsyz göz öňüne getirip bilmeýäris. Göwnümize bolmasa, olar hemişe şeýle bolan ýaly. Hakykatda welin, adamzadyň taryhynyň uzak dowamynda beýle amatlyklar bolmandyr. Filosof Blez Paskalyň bellemegine görä, ýolagçylary belli bir ugur boýunça gatnadýan ilkinji köp orunly paýtunlar Lýudowik XIV şalyk süren döwründe — 1662-nji ýylyň 12-nji martynda Parižde gatnap başlapdyrlar. Muňa Paskalyň hut özi sebäp bolupdyr. Ol gersog de Roanneni şäherlileri gatnatmak boýunça taslamany durmuşa geçirmek üçin paýdarlar jemgyýetini döretmäge yrypdyr.  Şondan iki ýüz ýyl töweregi geçenden soň ulagyň bu görnüşini «omnibus» diýip atlandyryp başlapdyrlar. Ol latyn dilinden terjime edilende, «hemmelere», «hemmeler üçin» diýen manyny berýär. Onuň taryhy adyna kybapdaşdygyny subut edýär. Bu barada «rambler.ru» ýazýar.

Has ir peýda bolandygyna garamazdan, omnibus XIX asyrda buržuaz jemgyýetiniň gülläp ösmegi bilen giňden ýaýrap başlapdyr. Şondan soň şäherlileriň iň garyby bolaýmasa, hemmeleriň omnibus münmäge ýagdaýy bolupdyr. Onuň ähmiýeti diňe bir jemgyýetçilik ulag meselesini çözmek bilen çäklenmändir. Ol adamlary biri-biri bilen ýakynlaşdyrypdyr. Mundan başga-da, şäherýaka obalarda ýaşaýanlara merkeze barmak ýeňilleşipdir.

Öňki ofiser Stanislaw Bodri Nante şäherinde köpçülige niýetlenen omnibus gatnawyny ýola goýanlaryň biri bolupdyr. Gullukdan boşandan soň, ol şäheriň gyrasynda degirmen açypdyr. Işlenen ýylylyklardan peýdalanmak üçin bolsa onuň ýanynda hammam gurupdyr. Müşderileri hammama gatnatmak üçin bolsa omnibus gatnawyny ýola goýupdyr. Tizlikde ol göz öňünde tutmadyk zadynyň şaýady bolupdyr: görüp otursa, omnibusa münen ýolagçylar soňuna çenli gelmän, aralykdaky duralgalarda hem düşüp galýar ekenler. Şonda ol bu ulagyň gadyrynyň başgadygyna düşünipdir. Öz ulag serişdesini ol «voiture omnibus» («hemmeler üçin araba») diýip atlandyrypdyr. Ol birbada iki wezipäni ýerine ýetiripdir. Häzirki dil bilen aýdanymyzda, hem taksiniň, hem awtobusuň (şol döwürde bir, iki we köp orunlyk paýtunlaryň) ornuny tutupdyr. Bodriniň omnibusynda girelgesi yzynda bolup, oturgyçlar iki gapdalynda uzynlygyna ýerleşdirilipdir. 1832-nji ýylda omnibuslar Bordo we Lion şäherlerinde hem omnibuslar gatnap başlapdyrlar.

Fransiýanyň çäklerinden daşarlarda hem omnibuslar peýda bolup başlapdyr. 1829-njy ýylyň 4-nji iýulynda çykan gazetleriň birinde: «Paddington bilen Siti aralygynda «omnibus» diýlip atlandyrylýan ulag serişdesi gatnap başlady» diýen habar ýazylypdyr. Bu aralyk Londonyň awtobus gatnawynyň başlanan ýeri diýlip hasap edilýär. Ilkibaşda Londonda 22 orunlyk omnibuslary ulanypdyrlar, ýöne dar ýollarda olaryň öwrülmesi kyn bolupdyr. Şonuň üçin hem olary 12 ýolagçy orunlyk omnibuslar bilen çalşypdyrlar. Bu şäherdäki ilkinji omnibus gatnawynyň aralygy bäş mile barabar (1 mil 1  kilometr 600 metrden sähel köpräk) eken. Bu aralygy geçmek üçin bir sagat wagt sarp edilipdir.

Nýu-Ýorkda omnibuslaryň gatnawy 1829-njy ýylda ýola goýuldy. Şondan soň olar Filadelfiýada (1830-njy ýylda), Bostonda (1835-nji ýylda) we Baltimorda (1844-nji ýylda) peýda bolupdyrlar.

XIX asyryň otuzynjy ýyllarynda omnibusyň bäşdeşleri ýüze çykdy, ýagny, ilkinji konkalar (at goşulýan demir ýol gatnawy we onuň wagony) gatnap başladylar. Ýöne ol ýol hereketine beýleki gatnaşyjylar üçin käbir amatsyzlyklary hem döredipdir. Ýagny, relsler ýoluň derejesinden 15 santimetr ýokary galdyrylyp gurlupdyr we beýleki ulaglaryň geçmegine düýpli päsgel berdir. 1852-nji ýylda ternawyň içinde goýlan relsler oýlanylyp tapylandan soň, olary ýoluň üstki gatlagy bilen bir derejede çümürip goýmaga mümkinçilik döredi.

Ýolagçylar üçin konkada gitmek has amatly bolupdyr. Ol tekiz relsiň üstünde ýöränsoň, siltemändir. Çarkandakly ýollardan gatnaýan omnibus bolsa iki baka çaýkanyp, bökdürýär eken. Üstesine-de, relsleriň garşylygynyň azlygy sebäpli atlara omnibusdan has agyr wagonlary çekmek hem ýeňil düşüpdir. Wagonlara ýolagçy hem köp sygypdyr.

Elektrik toguny almagy başaranlaryndan we elektrik hereketlendirijiler oýlanylyp tapylandan soň atlar ulanyşdan galyp başlapdyrlar we olaryň ornuny ilkinji tramwaýlar eýeläpdirler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: