DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Olimpiadanyň guramaçylarynyň ýene biri işini goýmaly boldy

Tokiodaky tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň režissýory 48 ýaşly Kentaro Koboýasi duýdansyz ýüze çykan masgaraçylykdan soň öz wezipesini goýmaly boldy, diýip «ТАСС» ýazýar. Koboýasiniň 1998-nji ýylda komediýa duetiniň düzüminde aýdanlarynyň ýazgysynyň internetde peýda bolmagy dawanyň sebäbi boldy. Kadrlarda onuň «Holokost oýnamagy» teklip edýändigi we genosidiň pidalary hökmünde kagyzdan kesilip ýasalan adamjyklary çaşyryp taşlaýandygy görünýär. Rolik ýerli sosial setlerde, hususan, «Twitter»-de uly meşhurlyga eýe boldy. Peýdalanyjylar şekili ýiti tankyt etdiler we Koboýasydan işini taşlamagy talap etdiler. Bu Ýaponiýadaky Olimpiadanyň guramaçylary bilen baglanyşykly dördünji jenjeldir. 19-njy iýulda Oýunlaryň açylyş dabarasynyň kompozitory tarapyndan bellenilen 52 ýaşly sazanda Keýgo Oýamada işini goýdy. Fewralda guramaçylyk komitetiniň baştutany Ýosiro Mori hem işden gitdi. Martda Olimpiadanyň kreatiw (döredijilik) direktory Hirosi Sasakio hem wezipesinden gitdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: