BILIMJEMGYÝET

Okyjylaryň sany köpeldi

Lebap welaýat kitaphanasynda okyjylaryň sany birden ep-esli artdy. Onuň okyjylar zallaryny etraplardan ýokary we ýörite orta okuw jaýlaryna girmäge gelen dalaşgärler doldurdylar.
Öň habar berşimiz ýaly, ýokary we ýörite orta okuw jaýlaryna giriş synaglary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti bu barada ýörite buýruga gol çekdi. Türkmenabat şäherinde hem synaglary kabul etmek dowam edýär. Şonuň üçin hem, dalaşgärler synaglaryň başlanmagyna çenli galan günleri özleri üçin peýdaly geçirmäge çalyşýarlar we olaryň köpüsi welaýat kitaphanasyna gatnaýarlar. Bu ýerde ähli dersler boýunça rahat taýýarlanmak üçin ähli şertler bar. Esasy zat bolsa, kitaphanadaky bar edebiýatlar olara bilimlerini mekdep meýilnamasyndan daşary maglumatlar bilen baýlaşdyrmaga hem mümkinçilik berýär.

Kitaphanaçylar okyjylara gerekli edebiýatlary saýlap almaga ýakyndan kömek berýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply