BILIM

Okuwçylarda işjeňligi artdyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň ýanyndaky internatda okuwçylaryň bilimini we başarnygyny has-da artdyrmak maksady bilen, «Okuwçylarda işjeňligi we özbaşdak işlemek başarnygyny kemala getirmek» atly mowzukda usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherindäki orta mekdeplerden we welaýat baş bilim müdirliginden wekiller gatnaşdylar.

Olar ilki bilen bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen içgin tanyşdylar. Sergide goýlan dürdäne kitaplar, dana söz ussatlarymyzyň ajaýyp eserleri, şeýle-de dürli mowzukdaky edebiýatlar myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Bulardan başga-da sergide mekdebiň göreldeli okuwçylarynyň el işleri hem görkezildi.

Usuly-amaly okuw maslahatynda mekdebiň tejribeli mugallymlary göreldeli sapaklarydyr synpdan daşary çäreleri geçirdiler. Sapaklarda bilim berlişini talabalaýyk guramak, okuw maksatnamalarynyň özleşdirilişini hem-de ýaş nesle netijeli bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça tejribeli hünärmenleriň çykyşlaryna, nutuklaryna hem aýratyn orun berildi. Munuň özi okuwçylaryň başarnyklaryny, işjeňligini artdyrmak bilen bir hatarda mugallymlaryň iş tejribelerini artdyrmaklarynda hem ähmiýetli boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: