YKDYSADYÝET

Okuwçylar üçin aýakgaplaryň önümçiligi ýokarlanýarlar

Lebaply telekeçi Arslan Möwlamowyň ýolbaşçylygyndaky ýüz göterim tebigy deriden elde biçilip tikilýän «Ýelken» haryt nyşanly aýakgaplaryň söwdasy şu günler has hem gyzygýar. Çünki täzelikde telekeçiniň kärhanasynda täze okuw ýylyna taýýarlygyň barşynda mekdep okuwçylaryna niýetlenen aýakgaplaryň önümçiligi ýola goýuldy. Bu kärhanada aýakgaplaryň 220-den gowrak görnüşiniň tikilýändigi bellärliklidir. Kärhanada sargyt boýunça uly ölçegli we dürli biçüwdäki aýakgaplaryň, gön guşaklarynyň, gapjyklaryň, ýantorbalaryň hem önümçiligi alnyp barylýar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: