BIZE YAZYARLAR

Okap göwne çeşme iner

Türkmen halky birine ýagşy dileg edende oňa Görogly begiň ýaşyny dileýär. Şadessanyň gahrymanlary bilen baglanyşykly deňeşdirmeler we durnukly söz düzümleri gepleşik dilimizde hem giňden ulanylýar. Daş keşbi pälwansypat gyzlara «Edil Harmandäli ýaly» diýilse, nahar başynda kimdir biriniň işdäsi açylsa, oňa: «Arap Reýhan ýaly doýmagy bilmeýärsiň» diýip ýomak atýarlar. Adam ogly mert diýip mydama beýiklige höwrügýär. Görogly begiň keşbi mydama halkymyzyň ruhy hemrasy bolup gelýär.

Türkmen edebiýatçy alymlary geçen asyryň 40-njy ýyllaryndan «Görogly» şadessany bilen gyzyklanyp başladylar. Ýazyjy Ata Gowşudow bu eseri halkyň arasyndan ýygnap, bir ýere çugdamlap, syntgylar, kitap görnüşinde okyjylar ýetirmegi gazandy. Baýmyhammet Garryýew, Mäti Kösäýew ýaly edebiýatçy alymlar «Görogly» şadessanyny içgin öwrenip, halka ýetirdiler.

«Görogly» şadessanynda ady rowaýata öwrülen Görogly beg türkmeniň hem-de onuň batyr kyrk ýigidiniň edermenligi beýan edilýär. Şadessanyň ençeme asyrlaryň dowamynda halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolmagy onuň iňňän ýokary çeperçilik serişdesine ýetirilenligine güwä geçýär. Bu eserden halk durmuşynyň islendik meselesine jogap tapyp bolýar.

Şadessan harby-gahrymançylyk temasyna degişli ýaly bolup görünse-de, onda watanperwerlik ýokary derejede beýan edilipdir. Eserde mertlik, batyrlyk, gaýduwsyzlyk, nesil terbiýesi, şol bir wagtyň özünde hem rehimdarlyk görkezilýär. Şady-horramlyk, ruhubelentlik, aýdym-saz sungatynyň kämilligi bu ajaýyp eseriň ähmiýetini görlüp-eşidilmedik belentliklere ýetirýär. Halkymyzyň ruhy ahwalynyň hemişe belent bolandygyna şadessany boýdan başa okap çykanyňda doly göz ýetirýärsiň.

Nesilden nesle geçip, halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşan bu ajaýyp eseriň alnyndan ak Gün dogdy. «Görogly» dessançylyk sungatynyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.

Biz hem okuwçylaryň arasynda sapakdan daşary guraýan çärelerimiz «Görogly» şadessany bilen baglanyşdyrmagy gözöňünde tutýarys. Bu eser boýunça okuwçylar bilen gyzykly bäsleşikleri guralsa, ýaşlaryň ukyp-başarnyklarynyň kämilleşmegine we olarda m,illi mirasymyza bolan söýgüni ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolardy.

Rano Muhammedowa,

Türkmenabat şäherindäki 28-nji orta mekdebiň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: