SPORT WE SYÝAHAT

Oguljan Ruslanowanyň tälim alýan mekdebi şu ýyl halkara medallaryň 10- syny gazandy

Çärjew etrabyndaky 3-nji sport mekdebiniň türgenleri şu ýyl döwlet derejesindäki ýaryşlarda medallaryň 30-dan gowragyna mynasyp boldular. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.
Neşiriň ýazyşy ýaly, bu ýerde oglan-gyzlaryň 540-dan gowragy sportuň futbol, basketbol, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis, dzýudo, sambo, kuraş, boks we tennis görnüşleri boýunça tälim alýarlar. Bu ýerde halypalaryň, sport ussatlarynyň 15-si zähmet çekip, ýaşlaryň başarnyklarynyň artmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýar.
Mekdebiň türgenleridir tälimçileri şu ýylyň başyndan bäri halkara ýaryşlarynyň hem birnäçesine gatnaşyp, medallaryň 10-syna eýe boldular. Olardan Oguljan Ruslanowanyň gazanan ýeňişleri has-da guwandyryjydyr. Ýaş pälwan gyzymyz dzýudo boýunça Germaniýada geçirilen «Berlin Millennium Team Cadet European Cup 2025» ýaryşynda, Azerbaýjanda ýetginjekleriň arasynda
Ýewropanyň Kubogyny almak ugrunda we Gazagystanda geçirilen Aziýanyň çempionatynda bürünç medallara mynasyp boldy.
Sport mekdebiniň basketbol toparlarynyň türgenleriniň gazanýan ýeňişleri hem aýratyn öwgä mynasypdyr. Ogulhan Şeripowa, Jumakuly Durdyýew ýaly halypalardan tälim alýan etrabyň ýaş basketbolçylary şu ýyl ilkinji gezek halkara ýaryşyna hem gatnaşdylar. Ýagny türgenler Şakir Sünnetow, Jasurbek Haýdarow, Eminjan Aminow, Jasur Umitjanow şu ýylyň aprelinde Özbegistan
Respublikasynda ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşynda milli ýygyndymyzyň düzüminde çykyş edip, toparyň baýrakly orna mynasyp bolmagyna saldamly goşant goşdular.