TÜRKMENISTAN HABARLARY

OBSE-niň Aşgabatdaky Merkezi KHBS-niň wekilleri bilen trening geçirýär

OBSE-niň Aşgabatdaky Merkezinde pandemiýanyň we saglygy goramagyň meseleleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde (KHBS) beýan edilmegine bagyşlanan öwrediji kurs işine başlady. Ol «Žurnalist bilimlerini we žurnalistleri taýýarlamagy kämilleşdirmäge ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde geçirilýär, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Oňa Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Maglumatlar merkeziniň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplary, şonuň ýaly-da köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Üç günlük okuwyň maksatnamasy içine wajyp mediaformatlar (KHBS-niň formatlary) bilen tanyşmak we olary pandemiýa döwründe netijeli ulanmak, pandemiýa we saglyk temalaryndaky maglumatlaryň žanr aýratynlyklary, şonuň ýaly-da, olary tejribede ulanmagyň mümkinçilikleri ýaly meseleleri içine alýar. Halkara ekspertler Ýuriý Zwýaginsew (RF) we Dmitriý Strowskiý (Ysraýyl) gatnaşyjylary beýleki ýurtlaryň mysalynda pandemiýa döwründe KHBS-niň we auditoriýanyň bilelikdäki hereketiniň aýratynlyklary, pandemiýa we saglyk temasyndaky häzirki zaman mediýa tejribesi bilen tanyşdyrarlar.

Okuw döwründe gatnaşyjylar alan bilimlerini berkitmäge gönükdirilen praktiki ýumuşlary ýerine ýetirerler. Okuw 12-nji noýabra çenli dowam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: