YLYM WE TEHNIKA

Oba hojalyk tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň 111 görnüşi öndürildi

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda pagta ýygymynda we bugdaý ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň 111 görnüşini öňünden taýýarladylar.
Zawodda oba hojalyk tehnikalarynyň şaýlary täzeden dikeldilýär, köpüsi bolsa ýasalýar. Kärhananyň hünärmenleri bu ugurdan ýeterlik tejribe toplapdyrlar. Ilki bilen gerekli şaýlaryň çyzgysy çekilýär, soňra degişli hünärmenleri ony guýup ýa-da stanoklarda ýonup ýasaýarlar. Şu ýylyň başyndan bäri olar 1 million 456 müň 672 müň manatlyk işleri ýerine ýetirdiler. Bu meýilleşdirileninden 95 müň 300 manada ýakyn köpdür.
Oba hojalyk tehnikalary üçin gerekli şaýlaryň käbirleriniň zawodda öndürilmegi olary daşary ýurtlardan satyn almagyň zerurlygyny aradan aýyrýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply