YKDYSADYÝET

Oba-hojalyk işlerinde ýaşlaryň goşandy uly

  Saýat etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň Sakar şäher bölüminiň ýaş mehanizatorlary gowaça ekişinde yhlasly zähmet çekdiler. 

 Welaýat neşiriniň ýazmagyna görä, bu möhüm işde olar daýhanlara ýakyndan ýardam berýärler. Sürüjiler Iskender Ahmedowyň, Bahadur Hüseýinowyň, Azat Nurmamedowyň çekýän yhlasly zähmetlerinden kärendeçileriň ählisi hoşal.

  «John Deere» kompaniýasynyň önümi bolan telematik ulgamy ornaşdyrylan traktorlara, «Monosem» kysymly gowaça ekijilere we köpugurly kultiwatorlara ussatlyk bilen erk edýän ýaş sürüjiler daýhan birleşiklerinde özlerine berkidilýän meýdanlaryň sürüm, ekiş işlerini-de bökdençsiz ýerine ýetirýärler.

 Ekiş başlandan bäri Iskender eýýäm 2958 gektar meýdanda çil çekmek, Bahadur bolsa 1100 gektarda tekizleme işlerini üstünlikli ýerine ýetirdi.

 Ekişiň bökdençsiz alnyp barylmagynda, degişli agrotehniki çäreleriň geçirilmeginde kompýuter ulgamy bilen üpjün edilen gowaça ekijileri dolandyryjylar Maksut Gurbanow we Şatlyk Baýramow dagy hem zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Olaryň kömegi bilen eýýäm etrapda 300 gektara golaý meýdanda gowaça ekişi doly geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: