Bugdaý meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işleri dowam edýär we gowaça ekiljek meýdanlar taýýarlanylýar — bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji fewralda geçirilen mejlisinde habar berildi.
Hasabatda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, ýazlyk gök-bakja ekinleriniň hem-de ýeralmanyň ekişine taýýarlyk görmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy aýdylýar. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek we ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.
Oba hojalygynda ýazky ekiş möwsümi guramaçylykly alnyp barylýar
28
Feb

