Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Hökümetiň 15-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Häzirki günlerde pagta hasylyny ýygnamak hem-de bugdaý ekişini bellenen möhletlerde geçirmegi üpjün etmek boýunça çäreler görülýär. Ekiş meýdanlarynda gögeriş suwy tutulýar, oba hojalyk tehnikalary netijeli ulanylýar.
Şeýle hem wise-premýer oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralara taýýarlyk ýagdaýy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň we baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, degişli görkezmeleri berdi.
Oba hojalygynda möwsümleýin işler gyzgalaňly dowam edýär
18
Oct
