BIZE YAZYARLAR

Oba hojalygynda ekin dolanyşygynyň ähmiýeti  

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy. Ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, agrosenagat pudagyna aýratyn üns berilýär. Çünki oba hojalyk pudagyny ösdürmek döwletimiziň ykdysady binýadyny berkitmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler, oýlanyşykly kabul edilýän çözgütler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de sahawatly topragymyzda öndürilýän ýokary hilli önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Oba hojalygynda ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygy talabalaýyk we ekinleriň görnüşlerine görä ýola goýlanda gowaçadan, bugdaýdan, şalydan, gök-bakja we beýleki ekinlerden ýokary hasyl almaga mümkinçilik döredýär.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilende welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmagy esasy wezipe edip goýýar. Topragy gurplandyrmakda we ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda dünýä ekerançylygynyň synagyndan geçen ekin dolanyşygynyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Ekin dolanyşygy toprakdaky bolup geçýän dürli hadysalara we ekinleriň ösüp ýetişmegine hemmetaraplaýyn ýaramly täsirini ýetirýär. Onuň täsirliligi, öňi bilen, ekin meýdanlaryndaky ekinleriň ylmy taýdan esaslanylyp düzülen toplumyna, şeýle-de ekin dolanyşygy üçin haýsy ekinleriň saýlanyp alynýandygyna baglydyr. Ekinleri çalşyryp ekmek toprak bejergisi, suwaryş düzgünleri, dökünleriň ulanylyşy, ekinleri kesellerden, zyýankeşlerden gorap saklamak we tohumçylyk ýaly tutuş ekerançylyk ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr.

Oba hojalyk ekinlerini ylmy taýdan dogry çalşyp ekmek iýmit elementleriniň üstüniň ýetirilip durulmagyny, dökünleriň ýerlikli sarp edilmegini, toprakda ösümlikler üçin suw-howa şertleriniň döremegini, ony suw we ýel erroziýasyndan goramagy, haşal otlaryň, zyýankeş mör-möjekleriň hem-de dürli keselleriň köpelip ýaýramagynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýär. Oba hojalyk ekinleri haýsy-da bolsa bir meýdanda uzak möhletleýin çalşyrylman ekilen halatynda topragyň gurbuny we ekinleriň hasyl berijilik ukybyny peseldýär. Şol sebäpli ekerançylykda ekin dolanyşygynyň ornaşdyrylmagy netijesinde, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, ekinleriň hasyllylygyny artdyrmaga, önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, ekerançylyk medeniýetini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem ýorunja — gowaça — bugdaý ekin dolanyşygyny geçirmek maksada laýyk hasap edilýär. Ekin dolanyşygy 6 ýylda bir gezek doly aýlaw edýär.

Ekin dolanyşygynda ot-iýmlik ýorunjany ekmegiň agrotehniki ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi ýorunja köklerindäki kluben bakteriýalarynyň kömegi bilen howanyň erkin azodyny özleşdirip, ekin üçin taýýar özleşen azot maddasyny toplaýan ekin hasaplanylýar.

Kadaly gürlügi bolan, idegi ýetirilen ýorunja üç ýylyň dowamynda bir gektar meýdanda 250-300 kilogram, hatda ondan-da köp azot maddasyny toplaýar. Ýorunjanyň köklerinde toplanýan azot maddasy toprakda 2-3 ýyllap netijeli saklanyp, soňky ekilen ekinlerden ýokary hasyl alynmagy üpjün edýär. Ýorunjanyň kuwwatly, ýaýraw kökleri topragyň suw siňdirijiligini we suw saklaýjylygyny ýokarlandyrýar. Şeýle hem ýerasty suwuň derejesini 0,5-1 metre çenli peseldip, topragyň şorlaşma ýagdaýynyň öňüni alýar. Ýorunja ekilen meýdanlarda gowaçanyň hasylyna zyýan ýetirýän süllerme, kök çüýreme we beýleki keselleriň ýok bolup gitmegine getirýär. Geçirilen köp sanly ylmy-barlaglaryň netijelerine görä, ýorunjasy sökülen meýdanda ekilen gowaçanyň hasyllylygy 30-40 göterime çenli artypdyr. Bu çäreler ekin dolanyşygynyň ykdysady netijeliligini görkezýän esasy görkezijilerdir.

Ekin dolanyşygynyň çyzgydy düzülende aralyk ekinleri ünsden düşürmeli däldir. Aralyk ekin hökmünde çalt ýetişýän kösükli däneli ekinlere degişli mäş, noýba, şeýle hem ot-iýmlik mekgejöwen, merjimek ýaly ekinler ekilse talabalaýyk hasap edilýär. Türkmenistanyň şertlerinde aralyk ekinleri ösdürip ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ekinleriň ösüş döwrüniň dowamlylygy gysga bolýar. Olardan ýörite ýer ulanmazdan we köp harajat sarp etmezden hojalyk üçin amatly düşýän goşmaça önüm almak bolýar.

Ekerançylykda edermen babadaýhanlarymyz bereketli topragymyzdan ýylda 2-3 hasyl almak maksady bilen güýzlük bugdaýdan soň, ikinji hasyl üçin aralyk ekinleri ekmegi ýylsaýyn giňeldýärler, olaryň görnüşlerini artdyrýarlar. Aralyk kösükli däneli ekinler toprakda 60-70 kilogram töweregi biologiki azody toplaýar we yzyndan ekilýän ekinlerde azodyň ulanyş möçberini 25-30 göterime çenli azaltmaga mümkinçilik berýär. Aralyk azyklyk ekinleriň biri bolan, gysga möhletde ýetişýän mäşi ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Mäşiň dänesinde 30 göterime çenli belok, 1,6 göterim ýag, 40-50 göterim krahmal, 3,1 göterim kletçatka, 4,1 göterim şeker saklanýar.

Firuza ÇARYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: