Nusgawy saz agşamy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ” ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň medeniýet ulgamy hem uly-uly ösüş we özgerişleriň belentliklerine ýetýär. Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kamera orkestr bilen bilelikde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “ Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymlary: Hudaýberdiýewa J.E; Jumaniýazowa G.E; şeýle hem talyplary gatnaşdylar.
Bu konsert maksatnamasynda birnäçe türkmen kompozitorlorynyň eserleri şeýle-de häzirki zaman daşary ýurt dünýä belli aýdym- sazlary ussatlarça ýerineýetirildi. Konsert türkiýe halkynyň “Üsküdara gideriken” eseri bilen başlandy. Ondan soňra kamerny orkestriň drižýory Tahyr Ataýewa söz berildi: “ Bu konsert biziň üçin örän üýtgeşik we täsirlidir. Sebabi bu sahnada Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň çykyş etmegi ilkinji gezek bolup geçýär. Bu ýagdaý bizi örän begendirdi. Bu konsert agşamy size ruhy- lezzet berer diýip umyt edýäris.”Konsertda ýaňlanan eserler täsirli bolup, Wiwaldiniň “ Ýyl pasyllary ’’ saz toplumyndan, “ Gyş ” we “Tomus ” -III bölümi (tazeden işlän Maks Rihter) eseriniň solosyny “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Bahram Dolyýew ýerine ýetirdi.
Bahram Dolyýew skripka saz guralyny çalmakda ussatlygyny ýene bir gezek subut etdi we diňleýjileriň söýgüsini gazanmagy başardy. Soňra konsertda rus kompozitory Sergeý Wasilýewiç Sirotiniň romansynyň ýaňlanmagy, saz agşamyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Eser hyýaly häsiýete eýe bolup, arzuwçyl duýgulary suratlandyrýar. “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşşyýew türkmeniň zehinli kompozitory Nury Halmammedowyň “Aýgytly ädim” kinofilminden “Artygyň aýdymy ” eseri bilen çykyş etdi. Bu aýdym ençeme ýyllaryň dowamynda aýdylyp, halkymyzyň kalbynda ornan ajaýyp aýdymlaryň biridir. Aýdymyň ýaňlanan pursadynda diňleýjileri tolgundyryjy duýgular gurşap aldy.
Konsert Begenç Moşşyýewiň ýerine ýetirmeginde “Bella Ciao ” diýen italiýanyň halk aýdymy bilen jemlendi. Bu konsert örän gyzykly we täsirli boldy. Şeýle ajaýyp, şowhunly aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy konserta gatnaşan sungat söýüji muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp boldy. Diňleýjiler ussat, zehinli ýaş aýdymçy we sazandalar Tahyr Ataýewa, Bahram Dolyýewa, Begenç Moşşyýewa gül çemenlerini gowşurdylar. Şeýle hem orkestriň sazandarlaryna dabaraly we şowhunly el-çarpyşmalar ýaňlandy. Saz sungatymyzyň we medeniýetimiziň pajarlap ösmegi ugrunda edýän atalyk aladalary üçin Mähriban Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýüregimizden sag bolsun aýdýarys.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň
mugallymy Jumageldiýewa Oguljahan