BIZE YAZYARLAR

Nury Halmämmedowyň döredijiliginde kino sazlary

Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Nury Halmämmedowyň döredijiliginde simfoniki we kamera žanrlar bilen bilelikde kino sazlary esasy orun tutýar. Kompozitor kinofilmleriň 18-ne, dokumental filmleriň 3-ne, multfilmleriň 9-na saz ýazypdyr. Olaryň arasynda iň belli çeperfilmler: “Şükür bagşy”, “Aýgytly ädim”, “Magtymguly”, “Japbaklar”, “Mukamyň syry” we beýlekiler. Kompozitoryň sazyny ýazan filmleriniň iň soňkysy “Gorkak batyr” filmidir. Bu kino eserleri üçin N.Halmämmedow iň ýokary döwlet baýraklaryna eýe bolýar. Geliň, käbir kino sazlarynyň döreýşi barada aýratyn durup geçeliň.
1964-nji ýylda Orta Aziýanyň we Gazagystanyň kinomatografiýaçylarynyň Frunze (häzir Bişkek) şäherinde geçirilen kinofestiwalynda “Şükür bagşy” filminiň sazy ýörite baýraga mynasyp bolýar. Talyp döwri şeýle hormata mynasyp görlen ýaş kompozitor baýragy alan wagtynda şeýle sözleri: “Bu sаzy men ýazmadym. Bu halkyň sazy. Şükür bagşynyň sazy. Men diňe öwrendim. Men öz sazymy döretmedim. Men halky diňleýärin. Şoňa görä-de, bu baýragy türkmen sazynyň ykrarnamasy hökmünde kabul edýärin.” diýýär.
“Şükür bagşy” kinofilmi halkara baýraklarynyň 15-sini gazandy. Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň ençemesinde görkezildi. 1968-nji ýylda halkara Kann kinofestiwalynda bäsleşikden daşary berilýän baýraga mynasyp saýyldy. 2008-nji ýylda Parižde geçirilen halkara festiwalynda ýene-de “Şükür bagşy” görkezildi. Filmiň režissýory Bulat Mansurow bu meşhur filmiň Parižde garşylanylyşy barada şeýle diýipdir: “Film tamamlanandan soň kinorežissýorlar, prodýusserler, sazаndalar ýanyma gelip filmiň sazy kalbyňy joşduryp özüne bendi edýär. Dessine ýüregiňe baryp ýetýär. Bu sazlar Çaýkowskiniň, Rahmaninowyň eserlerinden birjik-de pes däl.”
Saz ägirdiniň çeper, telewizion we multfilmlere ýazan eserleriniň-de kämilligiň nusgasydygyny hiç kim inkär edenok.
Sungaty öwreniji Wladimir Gurewiç kompozitoryň kino zehinini dünýä açmakda režissýor B. Mansurowyň hyzmatynyň biçak uludygyny belleýär. Nurynyň ýaşdygyna garamazdan, oňa taryhy filmiň sazyny ynanmak bilen, ol uly açyşyň üstünden bardy. Hut, “Şükür bagşy” filme kompozitoryň kino sungatyndaky ägirt uly mümkinçilikleriniň üstüni açdy. Filmler üçin döreden sazlarynyň diňe bir bezeg öwüşgin wezipesini ýerine ýetirmändigini bilermenler tarapyndan mysallar arkaly düşündirýärler.
Türkmenistanda çagalar üçin birnäçe gyzykly filmleri döreden kino režissýor Ýewgeniý Mihelson N.Halmämmedowyň sazlarynyň baş gahryman derejesine çenli ýokary galandygyny ýürekden syzdyryp aýtýar.
Režissýor Alty Garlyýew “Magtymguly” kinofilmde-de N.Halmämmedowyň zehinini doly derejede ulanmaga çalyşdy. Bu filmde saz ekran wagtynyň bütin dowamynda diýen ýaly ýaňlanýar. Bu çeper kino sungatynda örän seýrek duş gelýän ýagdaýdyr. N.Halmämmedow “Magtymguly” kinofilmine saz döredişi barada şeýle diýýär: “Beýik türkmen klassygy Magtymguly barada görkezilen kinonyň sazyny maňa tabşyrdylar. Magtymgulynyň goşgularyna öňem bir topar aýdym ýazypdym. Şu kinoda özümiň şahyrana bolan gatnaşygymy has çuňrak, has içginräk beýan etjek bolaryn”. Filmiň köp sanly bölümleriniň esasyna giren halk sazyna kompozitor aýratyn üns beripdir. N.Halmämmedow halk baýramçylygynyň sahnasy üçin “Küştdepdi” sazyny saýlap alypdyr. “Keçpelek” halk sazy bolsa tutuş filmiň “leýttemasy” bolup durýar. Ol halkyň we şahyryň keşbini şekillendirýär, has wajyp bölümlerde ýaňlanýar.
Kompozitoryň ömrüniň soňky ýyllarynda döreden eseriniň biri “Aýgytly ädim” baletidir. Ol adybir kinonyň esasynda dörän eserdir.
Umuman alanyňda, ХХ asyryň 60-80-nji ýyllarynyň türkmen kino sungatyny N.Halmämmedowsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ekrandaky gahrymanlaryň, bolup geçýän wakalaryň keşplerini orkestriň dürli gurallarynda örän täsir, inçe tilsimler bilen suratlandyryp bilmegi diňe bir N.Halmämmedowyň döredijiliginde däl, eýsem türkmen kino sungatynyň taryhynda hem ussatlygyň gaýtalap bolmajak derejesini galdyrdy.

ABDURAŞIDOWA Jennet.
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky TDÝSM-niň talyby.