JEMGYÝET

«Nurseýit» 1000 tonna çyryş öndürdi

Köýtendag etrabyndaky «Nurseýit» hususy kärhanasynda 2024-nji ýylyň başyndan bäri 1000 tonna çyryş öndürildi. Onuň 800 tonnasy diwarlaryň ýüzüni suwamak, galan mukdary bolsa suwagyň üstüni ýylmamak üçin niýetlenilendir.

Bu ýerde öndürilýän önümler ýurduň gurluşyk edaralaryna iberilýär. Hususy kärhana önümçilikde ýerli çig mallardan peýdalanýar. Kärhana işe girizilen gününden başlap, ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň belli bir böleginiň öwezini dolmak bilen, önümleriniň elýeterliligi we ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Şeýle-de kärhanada öndürilýän gips, kalekum, kalsiý karbonat, hek ýaly önümler ýerli gurluşykçylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: