YKDYSADYÝET

«Nurly meýdanda» ekologiki taýdan arassa önümler öndürilýär

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygy içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýär, diýip, «Türkmenistan Altyn asyr» ýazýar.

Daýhan hojalygynyň 50 gektar meýdany tutýan önümçilik desgalarynda, ýyllyk kuwwaty sekiz müň tonna towuk etini öndürýän bölüm, 14 million jüýje çykarýan inkubator, şeýle hem 15 million azyklyk, 15 million tohumlyk ýumurtga öndürmäge niýetlenen guşçulyk toplumlary hereket edýär. «Nurly meýdanda» broýler guş eti hem-de ýumurtgalar hem öndürýär.

Daýhan hojalygynda geljek täze ýylda iri şahly mallaryň we düýeleriň baş sanyny artdyrmak göz öňünde tutulýar. Şu jähtden mallar we towuklar üçin ot-iýmleri taýýarlamak işleri ýola goýlupdyr. Munuň üçin sagatda 10 tonna ýokumly iýmleri öndürmäge niýetlenen ýörite kärhana guruldy. Hojalygyň ekerançylyk meýdanlarynda soya, bugdaý, arpa, ýorunja ösdürilip ýetişdirilýär.

Hojalygyň ýyladyşhanasynda limon ýetişdirilýär. Täze ýylda onuň çäklerini giňeltmek maksady bilen goşmaça ýyladyşhanany gurmak göz öňünde tutulýar. Häzir, ýylyň dowamynda bu ýerde limon düýpleriniň 100-si bolup, olardan bol we ýokary hilli hasyl alynýar. Saglyk üçin juda peýdaly bolan ter limon önümleri-de bu gün ildeşlerimiziň baýramçylyk saçagyny bezeýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: