«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz – parahatçylygyň we dost-doganlygyň baýramy» atly dabaraly maslahat geçirildi, wagtlaýyn sergi guraldy.Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatymyzyň bilim, medeniýet işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Milli bahar baýramy hem-de nesilden-nesile geçip gelýän däpler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Soňra maslahata gatnaşanlar baýramçylyk sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar hem-de muzeý gymmatlyklaryny synladylar. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň şeýle abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy, işlemegi we bilim almagy üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulsapar JORAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

