Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Bu gün ülkäme Nowruz gelipdir» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Welaýatymyzyň bilim, medeniýet işgärleriniň, TMÝG-nyň işjeň agzalarynyň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda Halkara Nowruz baýramy, onuň türki halklaryň durmuşynda tutýan möhüm orny, şeýle hem Milli bahar baýramynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenilip giňden bellenilip geçirilýändigi dogrusynda giňişleýin aýdylyp geçildi. Maslahatyň ahyrynda Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurnan baýramçylyk sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar we muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Milli mirasymyzy şöhlelendirýän amaly-haşam işleri, Halkara Nowruz baýramy bilen baglanyşykly, şeýle hem «Bereketli türkmen saçagy» atly ajaýyp eserde görkezilýän milli tagamlar, suratkeşleriň bahar paslynyň gözelliklerini açyp görkezýän işleri sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Aýjahan MOLLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

