Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe boldy. Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda Milli Liderimiziň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Nowruzyň taryhyny ekerançylygyň irki ojaklary bilen baglanyşdyryp öwrenmek maksadalaýyk bolar. Eger-de Nowruzy, ilkinji nobatda, tebigatyň täzelenişi, ekerançylyk işleriniň başlanyşy bilen baglanyşdyrýan bolsak, onda bu baýramyň gözbaşyny hut şu bereketli toprakdan gözlemelidiris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Nowruz güni Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän milli baýramlaryň biridir.
Nowruz türkmen halkynyň, galyberse-de bütin gündogar halkynyň gadymdan gelýän baýramydyr. Aslynda Nowruz sözüniň manysy «Now»- täze, «ruz» – gün manylaryny berip, bu bolsa täze ýylyň täze güni diýmekdir. Tebigatyň janlanyp, zeminiň görke gelen pursady bellenilýär. Nowruz baýramy diýarymyzda uludan bellenilýär. Türkmeniň atalar sözlerinde, nakyllarynda, yrymlarynda
aýdymlarynda hem öz beýanyny tapýar. Diýarymyzda Nowruz baýramynda birnäçe süýjülikler taýýarlanyp toý saçagy giňden ýazylýar.
Türkmen nusgawy şahyrlary öz eserlerinde bahar paslyny, Nowruzy taryplapdyrlar. Magtymgulynyň, Andalybyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň we başgalaryň eserlerinde türkmen tebigatynyň ajaýyplygy, hususan-da, Nowruzyň waspy çeper beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň «Duman peýda» diýlip atlandyrylan şygrynda şeýle setirler bar:
Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda,
Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda,
Gögermedik giýalar, gögerip rowan peýda,
Ederler haýwanatga hem sudu zyýan peýda,
Ýer ýüzüne ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,
Wabeste dahan guşlar kylarlar zyban peýda.
Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramçylygy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň fewral aýynda bolsa Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň teklip etmegi netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny “Halkara Nowruz güni” diýip bellemek hakynda Rezolýusiýa kabul edildi.
Nowruzda her bir öýde saçaklar giňden ýazylyp, türkmeniň datly milli tagamlary taýýarlanylýar. Semeni bolsa bu baýramçylygyň iň naýbaşy tagamlarynyň biridir. Sebäbi semeni bu baýramçylykda esasy we hokmany taýýarlanylýan tagam bolup, ol baýramçylyk saçagynyň özboluşly bezegidir. Semeni diňe bir saçagyň bezegi bolman, eýsem, bol hasyllylygyň hem alamatydyr.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen halkymyzyň mukaddes däp-dessurlaryny, gadymdan bellenip gelýän baýramçylyklaryny öňkisinden hem has-da kämilleşdirilip belläp geçmeklik üçin netijeli işler ýola goýulýar. Türkmen halkynyň medeniýetini, sungatyny kämilleşdirmäge, ösdürmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň işleri rowaçlyklara beslensin.
Ýulduz NAZAROWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

