BIZE YAZYARLAR

“Nowruz-Galkynyşyň we Täzelenişiň Baýramy”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany”-ýylynda ata Watanymyzyň her bir güni bahar paslynyň bereketi, Nowruzyň ruhubelentligi bilen utgaşyp, ýurdumyzyň bagtyýarlyk we parahatçylyk mekanydygyny bütin äleme jar edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzyň her bir güni baýramçylyk şatlygyna öwrülýär. Berkarar döwletimizde bu baýramyň giňden bellenilmegi, biziň gadymy taryhymyza bolan sarpamyzy we geljegimize bolan uly ynamymyzy görkezýär. Bahar paslynyň gelmegi bilen sähralarymyz ýaşyl donuna bürenip, ýurdumyzyň ähli künjekleriniň görküne görk goşýar. Türkmen halkynyň iň gadymy we söýgüli baýramlarynyň biri bolan Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz güni diňe bir täzelenişiň, güllenişiň baýramy däl , eýsem, dost-doganlygyň, agzybirligiň we parahatçylygyň hem nyşanydyr. Nowruz baýramynyň taryhy we medeni ähmiýeti ulydyr. Nowruz “Täze gün” diýen manyny aňladýar. Bu gün gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna, ýagny 21-nji marta gabat gelýär. Türkmen topragynda bu baýram asyrlar boýy nesillerden-nesillere geçip, milli medeniýetimiziň, ruhy gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. 2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň bu baýramy “Halkara Nowruz güni” diýip yglan etmegi bolsa, onuň umumyadamzat ähmiýetini has hem artdyrdy. Nowruz baýramynda saçaklarymyz giňden ýazylyp, saçagyň rysgal-bereketiniň nyşany semenidir. Semeni taýýarlamak däbi, türkmen halkynyň jomartlygyny we agzybirligini görkezýär.
Nowruz baýramynda milli oýunlar-göreş, ýaglyga towusmak, hiňňildik uçmak ýaly çäreler baýramçylygy has-da baýlaşdyrýar. Aýratyn hem, bagşy-sazandalaryň çykyşlary, dutar-gyjak sesleri baýramyň ruhuny belende göterýär. Bu däpler biziň milli medeniýetimiziň we medeni mirasymyzyň dowamat-dowamdygyny, halypa-şägirtlik ýolunyň ösüşini görkezýär. Nowruz baýramynda ýaňlanýan şadyýan aýdymdyr sazlar, pederlerimizden galan “Halypa-şägirtlik” ýol-ýörelgesiniň dowamy hökmünde ýaş nesilleriň zehini bilen utgaşyp, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň waspyny dünýäniň ýüzüne ýaýýar.
Halkara Nowruz baýramy biziň milli bitewüligimiziň, ata-babalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzyň, döwrebap ösüşlerimiziň özara sazlaşygydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu baýram her bir ynsanyň kalbynda täze belentliklere ruhlandyrýan egsilmez güýç bolup ýaňlanýar. Goý, ýurdumyzyň her bir güni Nowruz bereketi bilen gurşalyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda asmanymyz arassa, toýlarymyz toýlara ulaşsyn! Nowruz baýramyňyz gutly bolsun.

Maýsa BAÝRAMOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Türkmen milli saz gurallary ” bölüminiň mugallymy.