Her bir milletiň hut özüne degişli tükeniksiz maddy hem ruhy hazynasy, gymmatly baýlygy bar. Elbetde, ol baýlyk käbir halka has köp, käbirine bolsa ujypsyz mukdarda bagyş edilipdir. Maddy we ruhy baýlyklar babatda türkmen halky bagty getiren halk. Bizem milli mirasymyza degişli milli gymmatlyklarymyzy ýaşlaryň aňyna ýetirýäris.
Halk köpçüligi çekilen zähmetden soň dynç almak, degişmek-gülüşmek maksady bilen dürli baýramçylyklar, dabaralar, toý-tomaşalar belläpdir. Ol baýramlary söz sungaty bilen bezäpdir. Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni hem şeýle baýramlardan biridir.
Bu baýramçylygyň bellenilýän günleri halkymyzyň ekerançylyk işleri bilen meşgullanyp, ýerleri ekişe taýýarlaýan günlerine gabat gelipdir. Şol döwürde ýylyň gurak gelmezligi, ýagyş-ýagmyryň köp bolmagy dileg edilip, dürli-dürli bentler döredilipdir. Şol bentlere sanawaçlar diýlipdir. Ata-babalarymyz sanawaçlaryň üsti bilen çagalaryň matematika bilen baglanyşykly endiklerini kämilleşdiripdirler.
Gökde Nowruz hormaty,
Ýerde genji-gymmaty,
Ygal ýagar şytyr-şytyr,
Burkuda çebşi getir,
Hamyr ujundan petir,
Bulutdan nesibin ýetir,
Torba-tagara getirdim,
Doldurmany gitmerin.
Gara buldy göterip,
Ýagdyrmany gitmerin.
Süýtkädini getirdim,
Doldurmany gitmerin.
Gökde Burkut jalasy,
Garry mamaň sanajy,
Bir dänäni müň getir
Sanawajyň gulajy.
Irki döwürde Nowruzda ýazlaga çykan gelin-gyzlar, ýaş ýigitler döwre gurap tans edip, sanawaç aýdypdyrlar. Ýaşajyk oglan-gyzlar bolsa, elleri torbaly öýme-öý aýlanyp, sanawaç aýdypdyrlar. Her baran öýi çagalara öňünden taýýarlanyp goýlan künjüli gowurga, patrak, gurt, igde, kak, sök, guradylan önümler beripdirler. Şonda çagalar özlerine düşen zatlary deň paýlaşyp iýipdirler. Bu edil ýaremezan bentleriniň aýdylyşyny ýatladýar. Bu bentler ýaz aýlarynda, halk köpçüliginiň ekişe taýýarlanýan döwürlerinde edil ýaremezanlaryň aýdylyşy ýaly, ýöne Alladan ýagmyr dilemek maksady bilen aýdylan dileg aýdymlarydyr. Bu bentler ylmy taýdan derňelip görlende, halkymyzyň söze çeperliginden, öz ýaşaýyş-durmuşynda gabat gelen ähli zatlar barada söhbet açyp, jadyly söz arkaly geljekki nesillerine ýetirmek islänliginden habar berýär.
Medeni mirasymyzyň kalbymyza, ýüreklerimize täsir ediji kuwwatly güýji bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerimizde egsilmez kuwwat berýär, jebisligiň we agzybirligiň belent duýgusyny terbiýeleýär.
Mamajan JUMANAZAROWA,
Farap etrabynyň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy,

