BIZE YAZYARLAR

Nowruz baýramy

Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz baýramynyň dabarasy Magtymguly
atamyzyň:
“Gökde ýyldyz hormaty,
Ýerde Nowruz hormaty” diýşi ýaly, Diýarymyzda has-da uludan tutulýar.
Nowruz Gündogarayň iň gadymdan gelýän toý-baýramlarynyň biri bolup, gyşyň sowulyp, tebigata
jan girmegi bilen ýüreklerde dörän heýjanyň baýramy.Yzgarly toprakdan ýaşyl otlaryň dümterip ösüşini , jadyly düwünçek çözülen ýaly pyntyklar ýarylyp, ýaşyl ýapraklaryň çykyşyny, gunçalaryň güle öwrülip, çar ýanyň dürli owazdan doluşyny gören ýürek neneň heýjana gelmesin?! Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Jahan peýda” atly täsin şygry bar. Şygryýet sungatynyň bu öçmejek eseri nowruza ählitaraplaýyn düşünmäge kömek edýär.
2009-njy ýylda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna goşuldy. BMG-niň 2010-njy ýylda geçirilen 64-nji mejlisinde Nowruzy halkara baýram diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa kabul edildi.
XI asyrda Ýusup Balasagunly özüniň “Bilimnama” ýa-da “Bagt getiriji bilim” atly eserinde bu
paslyň ajaýyp keşbini çeper suratlandyrypdyr.
Bu baýramy Şabende:
Geldi Nowruz, jümleýi älem gülüstandyr bu gün.
Baýram han:
Bu gün Nowruz, bu gün baýram, bu gün toý,
Gaýgy-gamsyz şatlyk eder her bir öý– diýip taryplapdyr.
Ata-babalarymyz Nowruz bilen baglanyşykly ençeme pähim sözleri döredipdirler. Olardan:
“Nowruz gijesi asman bulutly bolsa, ýyl ygally geler”, “Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak
hasylly bolar”, “Nowruzda ýagyş ýagsa, ýyl örän ygally bolar” diýen ýaly parasatly jümleler has-da giňýaýrandyr.
Goý, hemişe türkmen topragyna bereket bilen gelýän Nowruz öz sahawatyny eçilsin! Milli bahar
baýramyňyz gutly bolsun, mähriban ildeşler!

Laçyn MÄMEDOWA,
Darganata etrabyndaky 4-nji çagalar bagynyň
Aýdym-saz mugallymy