Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ajaýyp Türkmenistan ýurdumyzda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz güni şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara
ygrarlylygy alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Taryhyň dürli döwürlerinde bu baýramyň däpleri alysdaky we golaýdaky halklar bilen medeni gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň Nowruz baýramy bilen bagly däplerini dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyrlar.
Nowruz baýramynyň gadymy däplerini geljek nesiller üçin gorap saklamak umumadamzat bähbitli ynsanperwer wezipedir. Nowruz baýramy ençeme halklarda, şol sanda türkmenlerde hem Gün senenamasy boýunça ýaz paslynda gije-gündiziň deňleşýän wagtynda — mart aýynyň 21- inde bellenilipdir. Nowruzy günorta we gündogar Türkmenistanyň oturymly we ekerançylyk bilen meşgullanan ilaty has şowhunly belläpdir.
Gadymy «Gilgameş» şumer dessanynda Nowruz «Täze ýyl», «Täze gün», «Baharyň ilkinji güni», «Bahar baýramy» mazmunda beýan edilipdir. Baýramçylygyň «Nowruz» ady diňe orta asyrlarda ýaşan alymlaryň we şahyrlaryň işlerinde duşýar. VII asyrda Gündogarda Nowruz baýramynyň däpleri yslam dininiň dessurlary bilen utgaşdyrylypdyr. Nowruz baýramynyň Horezm patyşalarynyň köşgünde bellenilişi barada Abu Reýhan Birunynyň «Geçen nesilleriň ýadygärlikleri» atly işinde giňişleýin maglumat berilýär. Birunynyň işinde Nowruzyň gije-gündiziň ýazky deňleşýän gününde bellenendigi ýazylypdyr. Şeýle-de alym Horasanyň hökümdarlarynyň Nowruz gününde nökerlerine ýaz geýimini geýdirendigi, Nowruz günleri Horezm patyşalarynyň köşgünde dürli
naharlaryň, şeýle hem semeniniň bişirilip, myhmanlary kabul edendigi barada ýazypdyr.
Günorta Türkmenistanyň köp etraplarynda Nowruz günlerini «Ýylyň sylagy» diýip atlandyryp, dabaraly belläpdirler. Obanyň gurply adamlary etli ýarma bişiripdir, toý saçagynyň başyna ähli obadaşlaryny çagyrypdyrlar. Bu nahar halk arasynda «Nowruz ýarmasy» ady bilen meşhur bolupdyr. Adamlar biri-birlerini ýazyň çykmagy bilen gutlapdyrlar, ýylyň gowy — rysgal-bereketli
bolmagyny arzuw edipdirler. Nahardan soň «Ýagmyr ýagsyn, bol hasyl bolsun!» diýip, Beýik Biribardan dileg edipdirler. Gadymdan gelýän Nowruz däplerine görä, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde baýramçylykdan öňinçä adamlar öz howlularyny, ýaşaýyş jaýlaryny arassalapdyrlar, geýimlerini ýuwupdyrlar, suwa düşüpdirler. Şeýle hem birek-biregi gutlap, öýke-kineleri unudypdyrlar. Bu gadymy däpler häzirki wagtda hem dowam etdirilýär. Nesilden-nesle geçip gelýän
bu däpler häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolýar.
2009-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy dialogyň, medeniýetleriň özara gatnaşygynyň, raýdaşlyk hem-de dost-doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň aýdyň mysalydyr. Baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny,
topragyň hasyllylygyny, abadançylygy alamatlandyrýan bu baýram halklaryň parahatçylyga, döredijilige ymtylmasyny şöhlelendirýär. Şonuň üçin-de, häzirki döwürde Nowruz baýramynyň halkara derejede bellenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu baradaky degişli Kararnamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynyň çäginde 2010-njy ýylyň fewralynda biragyzdan kabul
edilendigini bellemek gerek.
Nowruz baýramy türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Iň gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri, Watana bolan söýgi halkymyzyň medeniýetiniň binýadyny emele getirýär. Täze taryhy döwürde halkymyzyň ynsanperwer, ruhy-ahlak gymmatlyklary ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýär.
Pederlerimiz daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamagyň asylly ýörelgelerini, tebigata aýawly çemeleşmegiň däplerini döredipdirler we bize miras galdyrypdyrlar. Türkmen halkynyň aňynda berk ornaşan bu ýörelgeler häzirki wagtda täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň
geçirilendigini bellemek gerek. Munuň özi çuňňur mana eýedir. Çünki Nowruz ynsan bilen tebigatyň berk arabaglanyşygyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzda adam eli bilen döredilen tokaý zolaklarynyň çägi ýyl-ýyldan giňeýär, seýilgähleriň we seýilbaglaryň sany köpelýär. Yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Diýarymyzy bagy-bossanlyga büremäge gönükdirilen ekologiýa ugurly
başlangyçlarynyň, alyp barýan giň gerimli işleriniň tutuş halkymyz tarapyndan goldanylýandygyny tassyklaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna we durmuş ulgamyna öňdebaryjy “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler daşky gurşawy gorap saklamakda, onuň ýagdaýyny gowulandyrmakda, sebit we halkara
derejede durnukly ösüşi gazanmakda mynasyp goşantdyr.
Gadymdan bäri milli ekerançylyk senenamasy tebigatyň pasyllary bilen aýrylmaz arabaglanyşygy saklap gelýär. Bu senenamada möwsümleýin oba hojalyk işleriniň tapgyrlary, ekişe başlamagyň wagty, hasylyň ýetişýän we ýygym möwsümi bellenilipdir. Halkymyzyň ruhy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan, onuň dünýägaraýşyny şöhlelendirýän Nowruz baýramynyň däp-dessurlary hem adamyň zähmeti, oba hojalyk işi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda ata-babalarymyzdan miras galan baý tejribe döwrebap usullar, tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşyp, obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasynyň esasyny düzýär.
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar, konsertler, çykyşlar Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde giňden uly bat bilen geçirilýär. Olarda türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasynyň köp öwüşginliligi, ýokary döredijilik ruhy öz beýanyny tapýar.
Müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan, ajaýyp Nowruz baýramy häzirki wagtda-da jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, hemmelere şatlyk we ylham paýlamagyny dowam edýär, dost-doganlyga, döredijilikli zähmete, täze üstünliklere çagyrýar.
Häzirki zaman jemgyýetimiziň ruhubelentliginiň, zähmetsöýerliginiň aýdyň nyşany bolan bu sene halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyryp, ýüreklerde ata Watanymyza, bagtyýar şu günümize hem-de nurana geljegimize buýsanç duýgularyny berkidýär. Munuň özi diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, durmuş, jemgyýetçilik-syýasy ösüşi, medeni hem-de ruhy baýlygy alamatlandyrýar.
Ýulduzhan RÖWŞANOWA,
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy